Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

view-icon 113

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa täze şäheriň toplumlaýyn esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

Ir säher bilen, Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän we milli binagärligiň häzirki zaman nusgasyna öwrülen täze şähere geldi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlaryny, ýollary, içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hakynda hakynda», şeýle hem «Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary we bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desgany döwrebaplaşdyrmak işlerine häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, şeýle hem gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäher lukmançylyk klasteriniň, söwda we işewürler merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň we sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň, türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna häzirki zamanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Alym Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna üns berilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, şäheriň täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Iň esasy bolsa millilige möhüm orun degişli bolmalydyr. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz geçmişde suwy tygşytly peýdalanmak babatda baý tejribe toplady. Birnäçe guýularydyr, kärizleri gazyp, ekinleri netijeli suwardy. Umuman, suwuň her damjasyny altyna deňedi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bu asylly ýol-ýörelgeler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz guruljak medeni dynç-alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri kesgitlenende örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle-de, «Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly» diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, bu ýerde ýörite myhmanhananyň we naharhananyň gurulmalydygyny aýtdy we onda hakyky türkmen dünýäsiniň açylyp görkezilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Halkymyzyň myhmansöýerliginden ugur alyp, bu ýerde türkmeniň milli tagamlary, datlydan-datly nygmatlary hödür-kerem edilmeli. Halkymyzyň gadymdan gelýän durmuşyna mahsus ebedi mizemez millilikleri janlandyrylmaly. Bu ýerde geljek myhmanlarda halkymyzyň täsin gymmatlyklary uly täsir galdyrmalydygy bellenildi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetlidigini belledi. Şunda her bir bedewiň haýsy nesil ugruna degişlidigi, olaryň taryhy we atçapyşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar jemlenmelidir hem-de olaryň sanly ulgam arkaly uly ekranly elektron enjamynda beýan edilmelidir.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagy, binalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdiIş maslahatyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyna gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçiligiň sazlaşykly hereketi üpjün edilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede alnyp barylmagynyň, önümçilik toplumlarynyň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik maksatly desgalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalaryny enjamlaşdyrmak işleri täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologiýa derejesiniň birnäçe halkara Güwänamalaryna mynasyp bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde degişli ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan «Garagum», «Saýaly menzil», «Dost gurluşyk, «Ýedi ýer söwda-önümçilik», «Ajaýyp gurluşyk» hojalyk jemgyýetleriniň, «Mukaddes gün», «Ak tab», «Berk teker» hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary ilki bilen, häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri we täze gurluşyklara başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdiler. Şeýle hem olar häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.

Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bu ugurda baý tejribe toplandyklaryny bellediler.

Gurluşykda telekeçiler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýerli telekeçileriň ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýandygyny, olaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we döwrebap usullarynyň ulanylmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşykçy telekeçilere bu ýerde uzak geljegi nazarlaýan taslamalaryň ynanylandygyny belläp, olaryň il içinde bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly sogap hasaplanylýan işleri ýerine ýetirmek arkaly taryhda möhüm orun eýelejekdiklerine we asylly işleriň netijelerini geljek nesillere ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynda kesgitlenen önümçilik toplumlarynyň we durmuş maksatly binalarynyň gurluşygyny ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerinde telekeçilere üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýüzlenip, olara täze şäheriň nobatdaky gurluşyklarynyň işini sazlaşykly ýola goýmak we olaryň depginlerini ýokarlandyrmak babatda telekeçiler bilen bilelikde işlemegi tabşyrdy.

Iş maslahatyny tamamlap, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň jemagat hojalygy gullugynyň zerurlyklary üçin niýetlenip, Arkadag şäherine gelip gowşan täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ýokary öndürijilikli kämil tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, olary öz işine ussat kämil hünärmenleriň dolandyrmalydyklaryny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy şäherde arassaçylyk işlerini ýokary derejede ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze tehnikalaryň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanyljakdygyny belläp, olar Arkadag şäherinde alnyp barylýan işlere yzygiderli goldaw berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwrebap tehnikalary satyn alyp berendigi üçin Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzümleriniň we ilatynyň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden ugrady.