Ï Malaýziýada Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Malaýziýada Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

view-icon 1799
Malaýziýada Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

23-24-nji aprelde Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we senagat ulgamlaryna wekilçilik edýän ýolbaşçylar ýurduň soňky we geljegi uly maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini peýdalanarlar.

Forum Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu strategik ugurlarynda elýeterli bolan dürli mümkinçilikleri görkezmek üçin möhüm çärä öwrüler. Mundan başga-da, foruma görnükli halkara işgärler, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de «OPEK», BMG-niň Ýewropa ykdysady topary, Ählumumy gaz merkezi, Halkara energetika agentligi, «IRENA», Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, «BNP Paribas» we Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek agentligi ýaly maliýe institutlaryň ýolbaşçylary, şeýle hem «Petronas», «TotalEnergies», «Dragon Oil» we «CNPC ExxonMobil», «ADNOC» we «ENI» ýaly öňdebaryjy energetik kompaniýalaryň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşarlar. Olar gymmatly pikirlerini paýlaşarlar, bilimlerini alyşarlar hem-de energetika pudagyndaky ählumumy ýagdaýlara bilelikde seljerme bererler.

Parižde geçirilen Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlary çekmek boýunça köp maýa goýum ylalaşyklaryny baglaşmaga ýardam eden «TEIF 2024-iň» üstünligine esaslanyp, öňde boljak çäräniň guramaçylary Kuala-Lumpurdaky «TEIF 2025-iň» Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan maýa goýumlaryň ýokarlanmagyna itergi berjekdigine ynanýarlar. Energetikanyň täze görnüşlerine geçmek işiniň ösüşine görä, Türkmenistan bu ugurdaky öz ägirt uly kuwwatyny ulanmagy hem-de uýgunlaşmagy maksat edinýär. «Galkynyş» känindäki tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup we gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredip, Türkmenistan hemme gyzyklanma bildirýän taraplara giň maýa goýum mümkinçiliklerini teklip edýär.

Kuala-Lumpurda öňde boljak forum maýadarlara energetika, senagat, ulag, oba hojalygy hem-de ençeme beýleki ugurlar bilen birlikde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maýa goýum taslamalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berer. Şeýle hem «TEIF 2025-iň» çäklerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamak, nebiti we gazly känlerde gazyp almagy artdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň innowasion ulanylyşy, «Galkynyş» gaz känindäki işleri dowam etdirmegiň nobatdaky tapgyrlary, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, häzirki zaman gazhimiýa önümçilikleriň gurluşygy hem-de geljegiň has durnukly energetikasyny döretmäge ýardam edýän metanyň we ugurdaş gazyň bölünip çykmalaryny azaltmak boýunça ylalaşylan tagallalar ýaly möhüm temalar boýunça köptaraply maslahatlaşmalar geçiriler.

 «Durnukly, gülläp ösýän, depginli ykdysadyýete maýa goýuň» diýen şygara laýyklykda forumyň gün tertibi mazmunly maslahatlaşmalary özünde jemlär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek işewürlik duşuşyklar ýurduň täze maýa goýum mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlary almaga kömek eder. «TEIF 2025» täze mümkinçilikleri açar, innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berip, Türkmenistan hem-de onuň halkara hyzmatdaşlary üçin has ýagty we gülläp ösýän geljegi üpjün eder.

Giňişleýin maglumatlary çäräniň www.teif-turkmenistan.com şu resmi saýtyndan ýa-da info@teif-turkmenistan.com elektron salgy boýunça alyp bolar.