Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oňyn özgertmelerine, kiçi we orta telekeçiligiň okgunly, depginli ösüşlerine saldamly goşant goşýan önümçilik düzümleriniň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Giňdere» hususy kärhanasydyr. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän bu kärhana indi 2016-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär.
Kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri täze rowaçlyklara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giň möçberli işleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Has takygy, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kämilleşdirip, sarp edijileriň haryt nyşanly önümlere bolan isleglerini yzygiderli kanagatlandyrýarlar. Olar ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan dürli binalaryň gurluşygynda ulanylýan, suw we çyg geçirmezlik üçin basyrylýan örtük serişdelerini (izogam) öndürýärler.
Bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň ýyllyk taslama kuwwatlylygy hem olaryň 1 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenendir. Ýeri gelende aýtsak, Eýran Yslam Respublikasynyň ösen tehnologiýaly enjamlarynda çykarylýan önümlere bolan islegler gitdigiçe barha artýar. Önümler diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem Gazagystan, Owganystan, Özbegistan ýaly döwletlere hem satuwa ugradylýar.
Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, geçginli, islegli önümleri
taýýarlamakda polimer we polipropilen önümlerinden ybarat bolan dokalmadyk matalar, alýumin gatlaklary, şonuň ýaly-da bitum ulanylýar. Onuň bu görnüşi ýerasty, ýerüsti gurluşyk işleriniň ömrüni uzaltmakda, suwdan, çygdan goramakda ählitaraplaýyn ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de gürrüňi edilýän hususy kärhana eksport ugurly önümleriň möçberini köpeldip, ýerli çig mallaryň esasynda olaryň görnüşlerini artdyrýar.
Öňdebaryjy kärhanada önüm öndürmek üçin zerurlyk edýän çig mal serişdeleri bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle-de welaýatyň hususy önüm öndürijilerinden alynýar. Munuň özi, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyny şertlendirip, ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.