2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar.

Türkmen hokkeýçileri Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda «A» toparyň üçünji bölüminde üçünji ýeňşini gazandy. Bu ýerde «B» toparyň ikinji bölümine degişli ýeke-täk ýer ugrunda alty topar bäsleşýär.
