Türkmen hokkeýçileri Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda «A» toparyň üçünji bölüminde üçünji ýeňşini gazandy. Bu ýerde «B» toparyň ikinji bölümine degişli ýeke-täk ýer ugrunda alty topar bäsleşýär.
Ilkinji iki tapgyrda Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) hasabynda üstün çykandan soň, Ylýas Weliýewiň şägirtleri Lýuksemburgyň toparyny uly ýeňlişe sezewar etdiler 8:3 (1:1, 0:1, 7:1) hasabynda.
Ondan öň türkmenistanly we lýuksemburgly hokkeýçiler milli ýygyndy topar derejesinde dünýä çempionatlarynda dört oýun oýnapdylar, şonda toparlaryň her biri iki ýeňiş gazanypdy. 2019-njy ýylda Sofiýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen topary 4:3 (0:2, 3:1, 1:0) hasabynda ýeňiş gazandy, 2022-nji ýylda bolsa Kokelşýö şäherinde geçirilen nobatdaky dünýä çempionatynda lýuksemburglylar, goşmaça wagtda öz meýdançasynda 5:4 (2:2, 2:1, 0:1, RET – 1:0) hasabynda ýeňiş gazandylar. 2023-nji ýylda Keýptaun şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiz ýene ýeňiş gazandylar – 4:1 (1:0, 3:1, 0:0) hasabynda. Geçen ýyl Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda bolsa lýuksemburgly hokkeýçiler üstün geldiler – 4:3 (2:0, 0:2, 2:1) hasabynda.
Garşydaşlaryň bäşinji ýüzbe-ýüz duşuşygynyň barşynda iki gezek utulan Türkmenistanyň topary üçin aňsat bolmady. Birinji döwürde türkmen hokkeýçileri Klod Massongyň salan (10-njy minut) goluna 18-nji minutda Pawel Barkowskiniň takyk urgusy bilen jogap berdiler.
37-nji minutda Kolm Kännon lýuksemburglylary ýene-de öňe çykardy – 2:1 hasabynda, şu hasap bilenem toparlar ikinji arakesmä çykdylar.
Soňky 20 minudyň 12-sinde türkmen topary yzly-yzyna alty gol salyp, duşuşygyň hörpüni üýtgetdi. Baýmyrat Baýmyradow iki (43-nji we 48-nji minutlarda) gol saldy. Maksatgeldi Ballyýew (48-nji minutda), Pawel Barkowskiý (49-njy minutda), Musa Annasaparow (49-njy minutda) we Nazar Gylyjow (55-nji minutda) hersi bir goluň eýesi boldy. Şondan soň Klod Massong 56-njy minutda sanlarynyň köplüginden peýdalanyp, bir jogap goluny saldy. Gutarnykly hasaby 58-nji minudyň ahyrynda şu duşuşykda üç gol salan we Türkmenistanyň toparynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Pawel Barkowskiý kesgitledi. Bu baýrak Lýuksemburgyň toparyndan Týerri Berana gowşuryldy.
3-nji tapgyryň beýleki duşuşyklarynda ýokary derejä geçmäge maksat edinýän Gyrgyzystanyň topary Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 5:1 (2:0, 1:0, 2:1) hasabynda utdy, ýaryş geçýän ýeriň eýeleri türkler bolsa Günorta Afrikadan gelen garşydaşlaryny 7:0 (3:0, 3:0, 1:0) hasabynda ýeňdiler.
«B» toparyň ikinji bölümine geçmek hukugyny aljak topar soňky tapgyrda kesgitlener, onda ikinji bölümde iň soňky orny eýeläp, üçünji bölümiň «B» toparyna geçjek topar hem belli bolar.