Ï Bereketli hasylyň aladasy idegden başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli hasylyň aladasy idegden başlanýar

view-icon 1894
Bereketli hasylyň aladasy idegden başlanýar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň zähmetsöýer daýhanlary mukaddes topraga göwnejaý hyzmat edip, bereketli hasyly kemala getirmek ugrunda zerur tagallalary edýärler. Olar il-ulsumyzy güneşli Diýarymyzda ýetişdirilýän tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün etmekde hasam tutanýerli zähmet çekýärler.

Balkan welaýatynyň daýhanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli, ygally gelen baharynda 1600 gektarda esasy azyklyk önümleriň biri bolan ýeralmanyň ekişini agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirdiler. Häzirki wagtda ekerançylar ýeralmanyň Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerinde köp hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan, kesellere garşy durnukly görnüşlerine ideg işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Şonuň bilen birlikde hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin goşmaça mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek çärelerem talabalaýyk amala aşyrylýar. Möwsümleýin işleriň ählisinde hem gadymdan gelýän milli ekerançylyk ýörelgeleri häzirki zaman öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylyp, döwrebap tehnologiýalar esasynda kämil ýola goýulýar. 

Şu günlerde bolsa ýeralmanyň hatarara bejergi işleri gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam edýär. Belent maksatlara beslenen işlerde-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň düzümindäki kärhanalaryň mehanizatorlarynyň, inžener-tehniki işgärleriniň saldamly goşantlary bar. Önümçilik birleşiginiň etraplardaky ussahanalarynda jogapkärli möwsüme irki möhletlerde deslapdan taýýarlanyp goýlan ätiýaçlyk şaýlarydyr serişdeleri olara işleri saz we bökdençsiz guramaga ýardam berýär.