Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi özüne tabyn edaralary ýangyn howply möwsümine taýýarlamak we tokaýlarda, tebigy hem goralýan ýerlerde ýagdaýa gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem adama we ekologiýa ulgamyna täsir edýän ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýörite çäreleri görmek barada her ýyl gaýtalanýan buýrugy çykardy.
Bu resminama ilatsyz ýerlerde bolup biljek ýangynyň öňüni almak boýunça ýörite öňüni alyş çäreleriniň meýilnamasyny, möwsümde jogapkär döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn söndürijileriniň anyk hereket meýilnamasyny tassyklady. Dag etekleriniň we sähra ýerleriniň ösümlik örtüginiň ekologiýa ulgamlaryny, şeýle hem ekilen baglary we tokaýlary goramak düzgüni 1-nji maýda başlanyp, 30-njy oktýabra çenli dowam eder. Şu möwsümiň içinde tebigaty goramak işine goşmaça işgärler, meýletinçiler we howpsuzlyk güýçleri-de goşular.
Buýruk maddalarynyň biri-de ilat arasynda ýangyna garşy wagyz-nesihat duşuşyklary we tebigaty goraýyş edaralarynyň hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge bagyşlanýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Lebap welaýatynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda tebigaty goramak jemgyýetiniň ýerli bölümleri, şeýle hem polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýola goýlan üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Şanyýaz Meňliýew bu barada has jikme-jik gürrüň berýär:
– Maslahat ýangyn möwsümine taýýarlyk we pudagara gurluşlaryň bilelikdäki hereketini utgaşdyrmak barada. Oňa dürli edaralardan 30 hünärmen gatnaşdy. Duşuşykda ýangyn hadysalarynyň öňüni alyş çäreleri, adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly habar beriş usullary, ýolsuz şertlerde ýabany tebigatda, şol sanda dag tokaýlarynda-da ýangyn söndürmek tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Köýtendagda 30 müň gektara çenli ýeri ýangyn howpy ýokary bolan arça tokaýlary eýeleýär.
Maslahatda ýangyn söndürijiler, döwlet we jemgyýetçilik ekologlary, goraghananyň ylmy işgärleri çykyş etdiler. Maslahata gatnaşanlar goralýan zolakda geçirilen işler bilen tanyşdylar. Şeýlelikde, sürlen ýerlerde şu güne çenli sekiz metr giňligi bolan 64 kilometr ýangyna garşy minerallaşdyrylan zolak açyldy we ýangyna garşy göreşde ähmiýetli 30 kilometrlik dag ýollary abatlandy. Goraghananyň bölümleri we serhet ýakalary ýangyn söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Hemme ýerde dag etekleriniň ýokary nokatlarynda operatiw aragatnaşyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan gözegçilik nokatlary guralýar. Ýollaryň boýy guran agaçlardan arassalanýar we ekme tokaýlarda bol suwaryş işleri meýilleşdirilýär. Ýangyn howply möwsümiň dowamynda oba ilatynyň, çopanlaryň, syýahatçylaryň arasynda düşündiriş işleri, mekdeplerde we edaralarda bolsa ýörite wagyz-nesihat duşuşyklary geçiriler. Ýangyn dörände, näme etmelidigi, söndüriji gulluklara nädip habar bermelidigi we şuňa meňzeş görkezme kitapçalar hem-de beýleki gollanmalar taýýarlanyp paýlandy.
Maslahata gatnaşýanlar üçin Köýtendagyň tebigy ýadygärliklerine – Kyrkgyz, Daraýdere jülgelerine, «dinozawrlar» belentligine, Umbardere şarlawugyna we beýleki gözel ýerlere gezelenç guralyp, ol ýerlerde amaly sapaklar geçirildi. Ekologlar ülkäniň taryhy, tebigy gymmatlyklarynyň ähmiýeti, biodürlüligiň aýratynlyklary we döwlet tarapyndan alnyp barylýan tebigaty goramak işleri barada gürrüň berdiler. Tejribe, pikir we iş usulyny alyşmak geçirildi, sebäbi tebigy mirasy gorap saklamak her birimize baglydyr.
Ýygnananlar Köýtendag ösümlik dünýäsini goramak üçin, ähli tagallalary etmegiň möhümdigini bellediler. Ýerli täsin ösümlikleriň 240-dan gowrak görnüşiniň dermanlyk aýratynlyklary bar, olaryň 41 görnüşi ösdürilip ýetişdirilen ösümlikleriň ýabany garyndaşlarydyr. Ösümlik dünýäsiniň köp bölegine bezeg ösümlikleri diýmek bolar, olaryň 24 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ýangyndan ýabany haýwanlaryň-da ejir çekmegi mümkin, şonuň üçin-de tebigat tomus aýlarynda idegdir kömege has hem mätäçdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, biz raýatlary ýangynyň öňüni almak barada habarly bolmaga, perwaýsyz bolmazlyga, jogapkärçilik duýmaga, hüşgär bolmaga we ýangyn döremeginiň öňüni almaga işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.