Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan dörän, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we ýadygärlikleri barada baý maglumatlary özünde jemleýän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby esasynda simpozium geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly bu eseri bilen adybir simpoziuma ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan suratkeşleriň 20-ä golaýy gatnaşdy. Bu tutumly çäräniň meýilnamasyna laýyklykda oňa gatnaşyjy suratkeşler bir hepdäniň dowamynda Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy «Dargan» galasynda, «Daýahatyn» kerwensaraýynda, Amyderýanyň kenar ýakasynda bolup, bu ýadygärlikleri, tebigatyň täsin we gözel görnüşlerini özünde jemleýän dürli öwüşginli surat eserlerini döretdiler. Simpoziumyň ahyrky güni bolsa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde suratkeşleriň döreden bu eserleriniň «Hakyda göwheri» ady bilen giň göwrümli sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Şöhratly taryhymyza, türkmen dünýäsiniň gaýtalap bolmajak özboluşly dünýäsine seýle çykarýan, suratkeşleriň täze döreden surat eserleriniň 130-dan gowragy ýerleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen suratkeşler bilen birlikde welaýat medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary, Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Köpöwüşginli serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Öwezmämmet Öwezmämmedow, Işanguly Işangulyýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew we beýlekiler çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň ähmiýeti, onuň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny şöhlelendirmek, türkmen tebigatyna söýgi döretmek boýunça sungat işgärleriniň, şol sanda suratkeşleriň alyp barýan işleri, şeýle hem bu sergide ýerleşdirilen surat eserleriniň ähmiýeti barada durup geçdiler.
Simpoziumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar suratkeşleriň döreden eserleriniň üsti bilen Gündogar sebite mahsus bolan milli we tebigy aýratynlyklar, gadymy ýadygärlikler, taryhy döwürde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özboluşlylygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.