Ï Halkara gözellik bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan atyň eýesin “Toýota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara gözellik bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan atyň eýesin “Toýota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi

view-icon 3970

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-nji ýylyň aprel aýynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan atyň eýesini 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.