Ï Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyndaky ilkinji garaşylmadyk netijeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyndaky ilkinji garaşylmadyk netijeler

view-icon 1487
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyndaky ilkinji garaşylmadyk netijeler

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirilýän futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 3-nji tapgyry garaşylmaýan netije berdi.

Olaryň birinjisinde ýurdumyzyň häzirki çempiony «Köpetdag» topary «Ahal» toparyndan 2:3 hasabynda utuldy. Bu Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň ilkinji ýeňlişidi.

Ýene bir garaşylmadyk netije Türkmenistanyň öňki çempiony, Türkmenbaşy şäherinden «Deňizçi» toparynyň «Migrasiýa» toparyndan 2:3 hasabynda utulan duşuşygynda hasaba alyndy.

Üçünji duşuşykda «Senagatbank» topary TNGIZT-iň toparyny 4:3 hasabynda utdy.

Şu duşuşyklardan soň 7 utuk toplan «Migrasiýa» bilen «Senagatbank» toparlary öňbaşçylygy paýlaşýarlar. «Köpetdag» topary 6 utuk bilen ýaryşyň sanawynda üçünji orna düşdi.

«Ahal» topary 4 utuk bilen 4-nji orna geçdi. Ýurdumyzyň öňki öňdebaryjy topary «Deňizçi» 1 utuk bilen özüne gelişmeýän bäşinji ýerde. TNGIZT-iň topary ýaryşyň sanawynda soňky orunda, onuň entek utugy ýok.

4-nji tapgyrda «Deňizçi» we «Senagatbank», «Ahal» bilen TNGIZT-iň, «Köpetdag» we « Migrasiýa» toparlary duşuşarlar.