Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Gerkez obasynda ýerleşýän şahamçasyna baryp görenleriň kalplarynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar, unudylmajak täsirler galýar.
Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasyndaky konserti üstünlikli geçdi. Konsert birnäçe nesliň çagalarynyň halaýan gahrymany – jadygöý oglanjyk Garri Potteriň hyýaly başdan geçirmeleri bilen başlandy.
23-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi.
Diýarymyza zer-zynata, arzuwlara beslenip, Täze ýyl gelýär. Täze ýylda her kişi bu baýramçylygy kalplary galkyndyrýan ýatda galyjy täsirli wakalar bilen bezäsi gelýär.