Ï German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

view-icon 117
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi.

Konstruktiw häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak işine ornaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem adaty energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň möhüm logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornunyň ýokary kuwwaty bellenilip, ulag we logistika düzümini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalara gyzyklanma beýan edildi.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny goldamak maksady bilen Germaniýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.