«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyny Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny uly ýeňlişe sezewar etmek bilen başlady – 4:0.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara Forumy (TEIF 2025) maýa goýum syýasaty babatda öňdebaryjy hünärmenleri birleşdirýän möhüm waka bolar.

Şu gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi.
