Ï Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty – nesilleriň bagtyýarlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty – nesilleriň bagtyýarlygy

view-icon 1637
Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty – nesilleriň bagtyýarlygy

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Berkarar Diýarymyzda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller mähir we ählitaraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alnandyr.

Bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän lukmançylyk edaralary bilen birlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny dikeltmekde alyp barýan giň möçberli sahawatly işleri nesilleriň nurana geljegine, ata-eneleriň bimöçber hoşallygyna öwrülýär. 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen bu gaznanyň ýardamy bilen 4 ýylyň dowamynda dürli dertden ejir çekýän çagalaryň ýüzlerçesi sagdyn, bagtyýar durmuşyň bosagasyndan ätlediler. 

Ýaňy-ýakynda hem Lebap welaýatynyň «Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde» Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna iki sany operasiýa edildi. Sag taraplaýyn kriptorhizmden ejir çekýän oglanjyklaryň ikisi — Çärjew etrabynyň Kraç obasyndan 10 ýaşly Nurly Derýaýew hem-de Kerki etrabynyň Başsaka şäherçesinden 11 ýaşly Kerwen Ahmedow şowly operasiýadan soňra, sagdyn çagalaryň hataryna goşuldylar. 

Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen 4 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Gündogar sebitde hem çagalara bu gazna tarapyndan yzygiderli lukmançylyk kömegi berlip gelinýär. Bu döwürde welaýat boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çagalaryň 87-si operasiýa edilipdir, şol sanda olaryň 68 sanysy welaýatyň «Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde» amala aşyrylypdyr. Bu çagalaryň ählisiniň hem ejir çekýän derdinden saplanyp, sagdyn durmuş ýoluna gadam basandyklaryny, olaryň özleriniň we hossarlarynyň begençlerini Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny buşlamak ýakymlydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir näsaglary bejermek däl, eýsem, lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde hem tutumly işleri alyp barýandygyny bellemek bolar. Biz muňa mysal hökmünde bu gazna tarapyndan hassahanalaryň çagalar bölümlerine kämil lukmançylyk enjamlary ýerleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10 sanysynyň, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň lukmanlar üçin öndüren dürli serişdeleriniň, hassahanada bejergi alýanlar üçin düşekleriň ýapynjalaryň alnyp berlendigini hoşallyk bilen aýdyp bileris. Häzirki wagtda hassahanada haýyr-sahawat gaznasynyň alyp beren Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan gemodializ «Dialog+» enjamynyň ikisi netijeli ulanylýar.

Gündogar sebitiň ýaşaýjylary ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.