Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky soňky sany okyjylara ýetirildi. Täsirli çykyşlar täze sany şanly ýylyň mynasyp jemlemesine öwürdi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitabynyň watançylyk, bilim we terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanyldy.

Türkmen medeniýeti dilden aýdylýan eserlere, aýratyn hem halk ertekilerine baýdyr. Halk döredijiliginiň nesilden-nesle geçip gelýän eserleri türkmen halkynyň durmuş gymmatlyklaryny we paýhasyny beýan edýär.
