2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy T.Endonyň duşuşygy geçirildi.
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şu hepde ýurdumyzda howa ýene durnuksyz bolar diýlip çaklanylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 38...gradus bolar.
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XI synp okuwçylarynyň arasynda ykdysadyýetiň esaslary boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi.