Ï Güýzlük bugdaý ekişi üstünliklere beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güýzlük bugdaý ekişi üstünliklere beslenýär

view-icon 125
Güýzlük bugdaý ekişi üstünliklere beslenýär

Şu günler Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna degişli ýerlerinde geljek ─ 2027-nji ýylyň hasylynyň düýbüni tutup, güýzlik bugdaý ekişini gyzgalaňly alyp barýarlar. Agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilýän işler ösen tehnologiýalar esasynda ýola goýlup, gadymy ekerançylyk ýörelgeleri, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrylýar.

Balkanly gallaçylar geçen ýyllaryň dowamynda bol hasyl ýetişdirip, ýurdimyzda azyk bolçulygyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Daýhanlar azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da Diýarymyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Zähmetsöýer ekerançylar bereketli topraga häzirki güýz möwsüminde-de Günbatar sebitiň toprak-howa şertlerinde synagdan geçen, bol hasyl berýän tohumlary sepip, güýzlük bugdaý ekişini üstünliklere besleýärler. Jogapkärli möwsümde etraplaryň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary öndürijilikli işleri bitirýärler. Ekerançylar ekiş geçirilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak we ideg işlerini utgaşykly dowam etdirýärler.

Güýzlük bugdaý ekişinde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň, onuň etraplardaky kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň, inžener-tenhiki işgärleriniň hem saldamly goşantlary bardyr. Welaýat boýunça meýilleşdirilen jemi 50 müň gektaryň häzire çenli eýýäm 78 göterimden gowrak gektarynda ekiş agrotehniki talaplara laýyklykda amala aşyryldy. Şeýle derwaýys işlerde welaýatyň Magtymguly, Gyzylarbat, Esenguly etraplarynyň oba hojalykçylary has-da ýokary netijeleri görkezip, nusgalyk görelde bolýarlar.

Welaýatda jemleýji tapgyrda dowam edýän bu işlerde dürli kysymly kuwwatly traktorlaryň uly topary saz hem bökdençsiz işledilýär. Ýörite döredilen tehniki hyzmat ediş toparlary gije-gündiziň dowamynda birnäçe çalşykda hereket edýärler. Düzüminde abatlaýjylar, kebşirleýjiler, mehanikler, degişli hünärmenler jemlenen bu iş toparlary işleriň dynuwsyz alnyp barylmagyna ýardam berýärler.

Günbatar sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň häzirki depgini onuň ýakyn wagtlarda üstünlikli geçiriljekdigini, bugdaý hasylynyň düýbüniň ykjam tutulýandygyny aňladýar. Hut şu ýagdaýyň özi hem oba hojalykçylaryň geljek ─ 2027-nji ýylda welaýat boýunça 80 müň tonna bugdaý hasylyny almak ugrundaky asylly maksatlarynyň hasyl boljakdygyna güwä geçýär.