Ï Küşt ussatlary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küşt ussatlary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler

view-icon 50
Küşt ussatlary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler

22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçiriler. Ýaryşyň esasy geçiriljek ýeri Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi bolup, bu ýerde tejribeli grossmeýsterler, geljegi uly ýaş türgenler hem-de sport weteranlary özara bäsleşerler.

Ýaryşa gatnaşyjylar öz ussatlyklaryny küşt oýnunyň üç görnüşi – nusgawy küşt, çalt (rapid) we juda çalt (blis) boýunça görkezerler. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 000 manada deň bolar.

«A» kategoriýasynda birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenlere degişlilikde 3000, 2000 we 1000 manat möçberinde pul baýraklary gowşurylar. «B» kategoriýasynda bolsa baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere degişlilikde 500, 300 we 200 manat berler. Esasy baýraklardan başga-da, ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, zenan küştçüler, sport weteranlary hem-de dürli ýaş toparlaryna degişli ýaş küştçüler üçin ýörite pul baýraklary göz öňünde tutulýar.

Öňde boljak bu ýaryş diňe bir baýrak gaznasy we medallar ugrunda alnyp barylýan bäsleşik bolman, eýsem, türgenler üçin täze hünär mümkinçiliklerini hem açýar. Öz kategoriýalarynda ýeňiji bolan we ýokary netijeleri görkezen küştçüler 2027-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşleri boýunça iň güýçli oýunçylar bolsa halkara ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etmäge mümkinçilik alarlar.