Ï Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna

view-icon 154
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan maslahata ýurdumyzyň ussat itşynaslary, kinologlary, hünärmenler, uniwersitetiň professor-mugallymlary, kinologiýa hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň we kinologiýanyň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine ýetirildi.

Maslahatda çykyş edenler asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde umumadamzat mirasyna öwrülendigini bellediler. Alabaýlar tutuş dünýäde meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Alabaýlar hem, ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr, milli gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip çykyşyny, häzirki günlere gelip ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigini, onuň kinologlar bilen birlikde, giň okyjylar köpçüligi üçin hem aýratyn gymmatlydygyny nygtadylar.

Halkara ylmy maslahatda alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine üns çekildi. Alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini, wepadarlygyny dünýä ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra ýöriteleşen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we dowam etdirmek hem ileri tutulýan wezipe bolup durýar.

Çykyş edenler türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda soňky ýyllarda bolup geçen wakalaryň ähmiýetini bellediler. Alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary kämilleşdirilip, «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri geçen ýyl ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredilip, bu ugurda iş alyp barýan kinologlaryň we ussat itşynaslaryň zähmeti döwlet derejesinde sarpalanýar.

Döredijilik eserlerinde, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper keşbi hakynda aýdylanlar, beýan edilen gymmatly taryhy maglumatlar hem örän täsirli boldy. Şeýle-de türkmen alabaýynyň we tazysynyň halk seçgiçiliginiň hem-de tebigatyň ajaýyp miwesidigini, onuň dowardarçylykdaky ähmiýetini açyp görkezýän maglumatlar beýan edildi.

«Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça döredip berýän döwrebap şertleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.