Paýtagtymyzda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrullah bin Mohd NASIR çykyş etdi. Ol öz çykyşynda iki ýurduň ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Malaýziýanyň ministri 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan «PETRONAS» kompaniýasynyň möhüm ornuny aýratyn nygtady. Üç onýyllygyň dowamynda kompaniýa diňe bir uglewodorod çig malyny gazyp almakda däl, eýsem, ýerli infrastrukturany ösdürmekde, ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini giňeltmekde we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda hem uly goşant goşdy.
– Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, aýratyn-da, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy. Duşuşygyň netijesinde ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi – diýip, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýatlatdy.
Foruma Malaýziýadan nebitgaz hyzmatlary we enjamlary ugry boýunça iş alyp barýan 15-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar. Malaýziýa tarapynyň esasy maksady malaý kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny, inženerçilik tejribesini, hünär mümkinçiliklerini Türkmenistanyň baý serişdeleri hem-de önümçilik kuwwaty bilen utgaşdyrýan uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri bilelikdäki işiň üstünlikleriniň diňe bir baglaşylan şertnamalaryň möçberi bilen däl, eýsem, uzak möhletleýin gymmatlygyň döredilmegi bilen hem ölçenýändigini aýratyn belledi. Munuň özi ýerli üpjün edijileri goldamagy, hünär tejribesini paýlaşmagy we ilatyň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmagy öz içine alýar.
Şu nukdaýnazardan Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri öz ýurdunyň dünýä derejesindäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge we iki dostlukly halkyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmaga taýýardygyny tassyklady.