Ylym
30.03.2023
7434
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň dördünji oýnunda ýeňijiler kesgitlenildi
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurdumyzyň uly synp okuwçylarynyň arasynda şu institutyň we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň geçiren «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň dördünji oýny geçirildi.
29.03.2023
4927
Ylym – önümçilige
Düýpli ylmyň we amaly ylmy-barlaglaryň ösmeginde, ylmy ösüşleriň önümçilige ornaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ähmiýeti uludyr. Akademiýanyň fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar bölüminiň müdiri, tehniki ylymlaryň doktory we TYA-nyň habarçy-agzasy Rahman Esedullaýew ýurdumyzyň geljekde hem durmuş-ykdysady ösüşinde, innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň çözülişi barada gürrüň berdi.
28.03.2023
6372
Aşgabatda «Robototehnika» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanda robototehnika boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bäsdeşlik meýdançalarynda ýaş programmaçylar döredijilik we inženerçilik başarnyklaryny uly höwes bilen görkezýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guran bu bäsleşigi hem şeýle boldy.
28.03.2023
4837
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary barlaghanasy açyldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (ÝUNIDO), ýurdumyzyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň, KHBS-niň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
28.03.2023
6053
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna bagyşlanan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigine gatnaşjaklar kabul edilýär.
25.03.2023
8330
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplar üçin fotosuratlar bäsleşigini geçirer
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Pyragynyň zehini we ajaýyp türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.
23.03.2023
6314
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda teoretiki mehanika boýunça olimpiadanyň netijeleri jemlenildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda teoretiki mehanika boýunça geçiren Olimpiadasynda 4 ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänleriň 19-sy kesgitlenildi.
17.03.2023
5263
Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Nowruz – Gündogar halklarynyň medeniýetinde» atly ylmy maslahat geçirildi.
17.03.2023
7040
Nowruzy garşy alýarys!
Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary Nowruz baýramyny aýdym, tans we ýaşlyk hyjuwy bilen garşy alýarlar. Bu ýerde konsert seýrek zat däl, ýöne deň-duşlaryňy we mugallymlaryňy köp garaşylan baharyň gelmegi bilen gutlamak mümkinçiligi uly şatlyga eýe edýär.
16.03.2023
4366
Binagärlik-taslama döredijilik sergisine gatnaşyjylaryň iň gowy işleri kesgitlenildi
Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynda milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler yglan edildi.