mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

20.09.2024

total-veiw

4547

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyny geçirmek boýunça Döwlet guramaçylyk topary döredildi

Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin, degişli guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu halkara forumy geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

5124

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. 

news-photo

20.09.2024

total-veiw

13763

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

4533

Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

4484

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen Bütindünýä jemagat hyzmatlary kongresine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-nyň Abu-Dabi şäherinde geçirilen Bütindünýä jemagat hyzmatlary kongresine gatnaşdy. Çäräni Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministrligi gurady.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

3438

«TäçHil» hususy kärhanasynyň önümleri Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde görkezilýär

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýurdumyzyň dürli kärhanalarynyň üstünliklerini görkezýär.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

3488

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

4459

Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Durnukly energetika hepdeligi - 2024 çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy

2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiň çäginde geçirilen çärelere gatnaşdy.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

4984

«Garaşsyzdyr eziz Türkmenistanym» atly sergi açylýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşigi bilen bilelikde 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzdyr eziz Türkmenistanym» atly döredijilik sergisi geçirilýär.

news-photo

20.09.2024

total-veiw

5306

Gök önümleriň öndürilişi artýar

Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň zähmetsöýer daýhanlary diňe bir milli baýlyklarymyz bolan pagtanyň, esasy azyklyk ekini bolan bugdaýyň däl, eýsem, ýylyň ýylyna gök-bakja ekinlerini öndürmek boýunça hem uly üstünliklere eýe bolýarlar. 

...3288