Hyzmatdaşlyk
25.07.2026
1950
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Male şäherinde Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Maldiw Respublikasynyň Daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.
24.07.2026
2191
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň ýylyň 23-nji iýulynda Maldiwler Respublikasynyň Male şäherinde Prezident Köşgünde Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizzu öz ynanç hatlaryny gowşurdy.
24.07.2026
1925
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi.
23.07.2026
2168
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk pudagynyň depginli ösüşine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, syýahatçylyk agentlikleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
22.07.2026
2560
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi.
21.07.2026
2696
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.
20.07.2026
3212
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy.
20.07.2026
2698
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi.
20.07.2026
2310
Waşington şaherinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
2026-njy ýylyň 17–18-nji iýulynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
20.07.2026
887
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün, 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.