Medeniýet
27.06.2026
5251
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
Balkan welaýatynda birnäçe günläp dowam eden Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy.
27.06.2026
4098
Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.
26.06.2026
4436
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly pursatlara, ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu bolsa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän medeni baýramçylygyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da artdyrýar.
26.06.2026
3630
Kiýewde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirdi.
26.06.2026
3743
Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri» atly göçme sergi gurnaldy hem-de çäre geçirildi.
25.06.2026
3916
Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär.
25.06.2026
2975
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasy bilen Bagyr medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri» atly çäre hem-de kitap sergisi geçirildi.
24.06.2026
4037
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
24.06.2026
2627
Türkmen dizaýneri «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde
Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän iri moda görkezilişleriniň hemişelik gatnaşyjysy, tanymal dizaýner-modelýer Göwher Pirgulyýewa-Guwerne Marokkonyň Tanžer şäherinde geçirilen «Tanger Fashion Week 2026» halkara moda hepdeliginde täze işlerini hödürledi.
24.06.2026
2430
«Zümerret şäheriniň» gahrymanlary Gudwinden maddy baýlyk däl-de, akyl, ýürek we edermenlik soradylar
Paýtagtymyzda şu ýyl özüniň 100 ýyllyk ýubileýini belleýän A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda çagalar inklýuziw teatr topary tomaşaçylara «Zümerret şäheri» atly täze sahna oýnuny ilkinji gezek görkezdi.