Medeniýet
08.03.2021
16833
Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar
Şu gün ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni dabaralandyryldy. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär.
07.03.2021
22657
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.
07.03.2021
9562
Türkmen nakgaşlarynyň zenanlar hakda we zenanlara bagyşlan işleri
Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär.
06.03.2021
5524
Zenan nakgaşlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi, oňa däp bolşy ýaly nakgaş zenanlar gatnaşdylar. Sergä gelenler bäsleşige hödürlenen söýgi we bahar röwüşleri ruhuna ýugrulan eserler bilen tanyşdylar.
04.03.2021
14874
Myrat Sadykow: türkmen estradasynda öçmez yz galdyran zehin
«Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän skripkaçylardyr pianinoçylara hem gabat gelýärler. Ýöne ylmy işgäriň okuwa girmäge dalaşgär bolanyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi...
01.03.2021
28274
Gurbannazar Ezizowy hatyralap: bahar ylhamy
Daragtlar pyntyk ýaryp, näzik güller köňül joşdurýan baharyň ilkinji güni – 1-nji martda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow dünýä inipdi (1940-1975 ýý.). Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan şahyrynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi...
28.02.2021
4137
Nakgaşlarymyzyň eserleri ilçihanada
Ýurdumyzyň tanymal nakgaşlary ABŞ-yň ilçihanasynyň işgärlerini žiwopis eserleri arkaly türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, durmuşy bilen tanyşdyryp başladylar. Olaryň ygtyýaryna berlen özboluşly sergi meýdançalarynda -- binanyň käbir iş otaglarynyň we hollarynyň diwarlarynda nakgaşlar gezekleşip öz çeken suratlaryny asýarlar.
25.02.2021
9706
Ýürege ýakyn, ýürekden aýdylýan köp sesli aýdym – a kapella
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara onlaýn-duşuşyklary tapgyry Amerikanyň «re Voiced» wokal toparynyň konserwatoriýanyň, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta hünär mekdebiniň, şeýle hem welaýatlaryň sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary bilen bilelikdäki wirtual-konserti bilen jemlendi.
24.02.2021
12114
Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi
«Ermenistanyň we Türkmenistanyň kirişli halk saz gurallary» temasyndan halk saz gurallary ussatlarynyň ikinji halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň talyplarydyr mygallymlary gatnaşdylar.
23.02.2021
4565
«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary
Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan» skripkaçylar topary täze konsert maksatnamasyny taýýarlady.