Medeniýet
26.08.2026
4302
Türkmenistanda teatr möwsümi başlanýar
29-njy awgustdan ýurdumyzyň teatrlarynda 2026 – 2027 ýyllaryň täze sahna möwsümi başlanýar. Bu möwsümiň örän gyzykly, mazmunly we täze üstünliklere beslenmegine garaşylýar. Döredijilik toparlary sahnada tomaşaçylar tarapyndan ýyllar boýy uly isleg bildirilýän sahna oýunlary görkeziler we birnäçe sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar.
25.08.2026
3458
Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar
Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki miras – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. On günüň dowamynda Russiýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen alymlar sebitiň ýerli halklarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň we altaýlylaryň durmuşyny hem-de däp-dessurlaryny öwrendiler.
24.08.2026
4052
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
Şu ýylyň 24 – 29-njy awgusty aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär.
22.08.2026
4522
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
21.08.2026
4377
Türkmenistanly ýaş artist Moskwada geçirilýän halkara çagalar medeni forumynda çykyş etdi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Moskwa şäherinde V halkara çagalar medeni forumynyň çäklerindäki esasy çäreleriň biri bolan «Dostluk» atly gala-konsert geçirildi. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa çykyş etdi.
21.08.2026
3592
Şekillendiriş sungaty muzeýi onlaýn sergilere çagyrýar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi isleg bildirýänleri meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly onlaýn sergi bilen tanyşmaga çagyrýar.
14.08.2026
5987
«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi.
14.08.2026
4261
Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy
Berlin şäherinde «Young Euro Classic» at bilen ýaşlar simfoniki orkestrleriniň XXVII halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ýaş sazandalaryň döredijiligini halkara giňişliginde görkezýän dünýäniň iri medeni çäreleriniň biridir.
12.08.2026
5564
Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldylar
10-njy awgustda Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki mirasy – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýa badalga aldy. Taslama Altaý döwlet uniwersiteti (ADU) tarapyndan Altaý we türkologiýa ylmy-bilim merkeziniň çäginde durmuşa geçirilýär.
11.08.2026
4642
«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl boldy
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň hemişelik sergileriniň birinde «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eser ýerleşdirilendir. Onuň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmet Mämmedowdyr.