mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

20.08.2021

total-veiw

4704

Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» AGPJ-ni döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

18.08.2021

total-veiw

6005

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisini wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Şeýle-de, Şöhrat Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.

13.08.2021

total-veiw

6379

Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi iberiler

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.


05.08.2021

total-veiw

8124

Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

03.08.2021

total-veiw

7794

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Ö.Bäşimow hakynda

2-nji derejeli kapitan Meýlis Öwezgylyjowiç Bäşimowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


 

03.08.2021

total-veiw

7471

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.A.Ýalkabow hakynda

Polkownik Serdar Aýmuhammedowiç Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.


03.08.2021

total-veiw

13795

Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Babanazarow Şirmät Jumanazarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

03.08.2021

total-veiw

8572

Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Hakmyrat Kakabaýewiç Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

03.08.2021

total-veiw

6806

Döwlet Baştutanymyz wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, maýor Batyr Öwlýagulyýewiç Rejepow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesine bellenildi.

03.08.2021

total-veiw

5156

Daşoguz welaýatynyň häkimligine dynç alyş seýilgähini gurmak üçin «Ajaýyp gurluşyk» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

...493