Sport
09.05.2025
1923
«Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň baýragyny almak üçin Kamboja ugrady
«Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25-nji ýyldaky möwsüminiň final oýnunda ýerli «Svay Rieng» kluby bilen duşuşmak üçin Kamboja gitdi.
08.05.2025
3793
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar
Türkmen agyr atletikaçylary Peruwyň paýtagty Lima şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň (U17) we ýaşlaryň arasynda geçirilen (U20) dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar, bu ýerde baýrak ugrunda 77 ýurtdan gelen 531 türgen (265 gyz we 266 oglan) bäsleşdi.
05.05.2025
5200
Paýtagtymyzda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly sport marafony geçirildi
Düýn Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly sport marafony geçirildi.
05.05.2025
3322
«Şagadam» futbol topary «Aşgabat» toparyny ýeňip, öňde barýan üçlüge ýakynlaşdy
Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynda «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy.
05.05.2025
4361
Türkmenistanly dzýudoçy gyz Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýeledi
Türkmen dzýudoçysy Oguljan Ruslanowa Azerbaýjanda 12 ýurtdan 354 türgeniň gatnaşmagynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogy (Quba Millennium Team Cadet European Cup 2025) ugrundaky ýaryşda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 70 kilograma çenli agram derejesinde 8 ýurtdan 18 türgeniň gatnaşmagynda gyzlaryň arasynda şeýle üstünlige ýetdi.
03.05.2025
2678
«Senagatbank» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda iň öňdäki orna geçdi
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýaryşyň öňdäki ornuna «Senagatbank» topary geçdi.
03.05.2025
3392
«Altyn asyr» futbol topary «Nebitçi» toparyndan üstün çykdy
Türkmenistanyň ýokary liga toparlarynyň arasynda geçýän futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň açylyş oýny paýtagtly «Altyn asyr» toparynyň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy bilen tamamlandy.
01.05.2025
4140
«Arkadag» futbol topary ýaryş sanawynyň başynda
«Arkadag» toparynyň futbolçylary alty ýeňiş gazanyp, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň ýaryş sanawynyň başyna gaýdyp geldi.
29.04.2025
3789
Türkmenistanly dzýudoçy gyz Berlinde geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýeledi
16 ýaşly türkmen dzýudoçysy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgeniň arasynda şeýle üstünlige ýetdi.
27.04.2025
3742
Türkmen hokkeýçileri Stambulda geçirilýän dünýä çempionatynda Lýuksemburgyň toparyny utdy
Türkmen hokkeýçileri Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda «A» toparyň üçünji bölüminde üçünji ýeňşini gazandy. Bu ýerde «B» toparyň ikinji bölümine degişli ýeke-täk ýer ugrunda alty topar bäsleşýär.