Ï Türkmenistanda jemgyýetçilik ulag hyzmatlary ep-esli ösdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda jemgyýetçilik ulag hyzmatlary ep-esli ösdi

view-icon 1219
Türkmenistanda jemgyýetçilik ulag hyzmatlary ep-esli ösdi

12-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi açyldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň daşamaçylyk boýunça hünärmeni Mekan Ýowbasarow forumyň çäginde «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanandygy barada gürrüň berdi.

Ministrligiň wekiliniň sözlerine görä, ministrlik Hytaýyň «Yutong» kompaniýasyndan takmynan 700 awtobus we elektrik bilen işleýän awtobuslaryň bir tapgyryny, şeýle hem taksi hyzmaty üçin elektromobilleri satyn aldy, olar häzir Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ulanylýar.

M.Ýowbasarow Arkadag şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň iň berk ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän we döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

«Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler «akylly» şäherde halky ýokary hilli we netijeli hyzmat bilen üpjün edýär. Olarda «Duralga» we «Ynamly taksi» ýaly goşundylary ulanmak üçin QR koduna düşünýän goşmaça tehnologiýa döredilipdir. Ýol bahasyny nagt däl görnüşde tölemek we onlaýn sargytlar üçin ýörite terminallar göz öňünde tutulypdyr. Uly ýollarda bellenen ýörite jemgyýetçilik ulag zolaklary ýolagçylar üçin amatlylyk döredýär» diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

M.Ýowbasarow şeýle hem elektrobuslarda ýörite göçme programma üpjünçiliginiň döredilendigini, olaryň ugurlar we barmaly ýerlere ýetmeli wagtlary barada maglumat berilýändigini sözüniň üstüne goşdy.