Ï «Yutong» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Yutong» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

view-icon 1369
«Yutong» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

Şu günler Aşgabatda iki uly halkara cäre – «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» (ITTC-2025) atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.

Ulag ulgamynda öňdebaryjy çözgütleri hödürleýän gatnaşyjylaryň arasynda «Zhengzhou Yutong Group Co., Ltd.» kompaniýasy hem bar. Hytaýyň «Yutong» brendi dünýäde awtobuslaryň, elektrobuslaryň we trolleýbuslaryň iň iri öndürijisidir. Kompaniýanyň önümleri dünýä bazarynda uly islege eýe bolup, 120-den gowrak ýurtda, şol sanda Russiýada, Gazagystanda we Saud Arabystanda hödürlenýär.

Bu awtobuslar Türkmenistanda 2012-nji ýyldan bäri işjeň ulanylyp gelinýär. Hyzmatdaşlyk dürli modelleriň iberilmegini öz içine alýar. Biziň ýurdumyza şäher, şäherara we syýahatçylyk awtobuslary, şol sanda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan modeller hem getirilýär.

2016-njy ýylda çagalaryň howpsuz daşalmagy üçin welaýatlara paýlanylan mekdep awtobuslary getirildi. Soňra, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hyzmat etmek üçin uly we kiçi awtobuslaryň ep-esli bölegi getirildi. 2023-nji ýyldan bäri Arkadag şäherinde «Yutong» elektrobuslary gatnaýar, bu hem şäheriň ekologiýa we häzirki zaman ulag çözgütlerine ymtylmagyny görkezýär.

2025-nji ýylda Aşgabatda şäherinde 700 awtobus ugurlar boýunça gatnap başlady.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, «Yutong» kompaniýasy Türkmenistanyň ilaty üçin gezelenjiň abadançylyk derejesini ýokarlandyrýar. Olaryň awtobuslary diňe bir «Ýewro-5» standartyna laýyk gelmän, eýsem, birnäçe görkezijiler boýunça ondan hem ýokarydyr. Daşky gurşawy goramaga ýardam edýändigi sebäpli, Ýewropada olaryň uly hormata eýedigini bellemek gerek.

«Biz Türkmenistany ynamdar hyzmatdaş hökmünde görýäris we ekologik hem-de häzirki zaman ýolagçy ulagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekde has hem çuňlaşdyrylmagyny maksat edinýäris» – diýip, «Yutong» kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky satuw boýunça menejeri Oleg Lýuý belleýär.