Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 252

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamany kabul etmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi bolup, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly, özara bähbitli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine amatly mümkinçilikleri döredýär. Siziň bu ugurda durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýaňyz dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany üçünji gezek biragyzdan kabul etmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakasyna öwrüldi.

Şanly baýramyň öňüsyrasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly senesine bagyşlanyp gurlan Bitaraplyk zolagynyň açylmagy, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum hem ata Watanymyzyň ynsanperwerlik, dostluk ýörelgelerine goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris» diýip belleýşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ady bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy döwlet, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme dolýar. Siziň başlangyjyňyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu günki gün Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem hoşniýetli daşary syýasatymyzyň barha giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji we 2024-nji ýyllarda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar bu hakykaty doly tassyklaýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň geriminiň giňemeginde «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti hem örän uludyr. Siziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ýewropa Bileleşigi, Hytaý, Italiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa bilen şu formatda guralan ýokary derejeli sammitlere gatnaşyp, öňe süren möhüm teklipleriňiz hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasatdaky ynamly gadamlarynyň, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ata Watanymyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriňiz hemişe rowaç bolsun! Goý, türkmen Bitaraplygy halkara giňişlikde dünýä nusgalyk syýasatyň rowaçlanmagyna itergi berip, Ýer ýüzünde parahat, asuda durmuşy berkarar etmegiň binýadyna öwrülsin!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.