Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan toýlanylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşylan senagat toplumlarynyň biri-de «Türkmennebit» döwlet konsernidir.
Toplum ýurdumyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolmak bilen, Berkarar Watanymyzda nebit-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri üstünlikli amala aşyrýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik düzümleri hasam saldamly hyzmatlary bitirýärler. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlaryny görkezmek bolar. Golaýda olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna sowgat edip, Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar.
Trestiň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularyndan bir gije-gündizde degişlilikde 44 we 43 tonna gaz kondensatynyň alynýandygy hasam guwançlydyr. Şeýle-de Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň Uzynada käninde burawlan, taslama çuňlugy 6800 metr bolan 87-nji ulanyş maksatly guýusy hem bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny berýär. Önümli guýylaram tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.
Ýeri gelende aýtsak, guýylaryň gazuw işlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren «ZJ70DB» kysymly buraw desgalary ulanyldy. Bu bolsa senagat kärhanasy tarapyndan alynýan gymmatly çig mallaryň möçberleriniň artdyrylmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Işleriň häzirki depginem olaryň mundan beýlägem öndürijilikli zähmet çekip, belent sepgitlere ýetjekdiklerine bolan mizemez ynamy hasam pugtalandyrýar. Şeýle-de häzirki zamanyň kuwwatly burawlaýyş desgalaryna, ösen tehnologiýalaryna eýe bolan zähmetsöýer hünärmenler özlerine döredip berlen nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.