Ï Gahryman Arkadagymyzyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy

view-icon 296
Gahryman Arkadagymyzyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik bilen duşuşdy.

Salim Al Malik türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanda milli taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak, wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, Türkmenistan bilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gowy mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi. Halkara giňişlikde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda abraýly halkara guramalar bilen ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň baý taryhynyň, yslam dini bilen bagly mirasynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarynyň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda köpri hökmünde hyzmat etjek Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz wekilçilikli foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, oňa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.