Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda

view-icon 461

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamaly:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowany,

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwran Muradowiç Şammyýewi,

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowany,

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň kömekçi toparynyň artisti Rahymgeldi Kakowowiç Kyýasowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýewi,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Munisa Žasurbekowna Hudaýbergenowany,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewany,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mähri Wepaýewna Hojakowany,

Ahal welaýat Medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň 2-nji derejeli artisti Şatlyk Bäşimmyradowiç Gurbannazarowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gözel Guwançewna Hojaýewany.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.