Täze ýylyň baýram howasy ýurdumyzyň şäherleriniň köçelerine eýýäm ýaýyldy. Müňlerçe çyralar, bezegli dükan aýnalary we ýaldyrawuk arçalar Täze ýyl gudratlaryna intizar ýürekleri ýylylyk bilen dolduryp, owsun hem şatlyk duýgusyny döredýär.
Çyralar we Täze ýyl bezegleri bilen ilatyny hem myhmanlary haýrana goýýan Aşgabat agşamlary aýratyn täsir galdyrýar.
Däp boýunça, ýurdumyzyň baş arçasy «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guruldy. Ençeme metr beýiklikdäki alamatly arça müňlerçe ýalpyldyly oýunjaklardyr öwşün atýan gül çemenleri bilen bezelen. Sanly tehnologiýalary ulanmak bilen döredilen döwrebap yşyklandyryş täsirleri oňa aýratyn bir owsunlaýjy häsiýet bagyş edýär. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ilaty bu gözellikden lezzet almak üçin, paýtagta gelýärler. Täze ýyl gijesinde esasy baýram şu ýerde geçiriler.

Ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreler, konsertler, ýarmarkalar we sergiler täze ýylyň öňýany adamlarda baýramçylyk keýpini döredýär.
Arkadag şäherindäki Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanada çagalar üçin aýdym-sazly Täze ýyl çykyşlary geçirilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän bu çäreler ýaş nesilde milli däp-dessurlarymyza hormat we türkmen halkynyň taryhy barada bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Çykyşlaryň dowamynda çagalar Täze ýyl «jadygöýi» Aýazbaba bilen bilelikde kitaphanada gezelenç edýärler we ilkinji «akylly» şäheriň taryhy hem ösüşi bilen tanyşýarlar.
Türkmen döwlet gurjak teatry Täze ýyly çagalar üçin gyzykly interaktiw çykyşlar bilen belleýär. Ýaş tomaşaçylar diňe bir çykyşlardan lezzet almak bilen çäklenmän, eýsem, şadyýan bäsleşiklere gatnaşýarlar, söýgüli erteki gahrymanlary bilen aýdym aýdyp, tans edýärler. Bu gyzykly çäreler ýanwar aýynyň 13-ine çenli dowam eder.