Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1741

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kuba Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.