Ï Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti

view-icon 101

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanyp, depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli ilerledilýän, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar, netijeli başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.

5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmek barada aýratyn tabşyryklar berildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Resminama ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksadyndan ugur alýar.

9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şu ýylda ilkinji gezek geçirilen mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ähli pudaklaryň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryna aýratyn üns çekildi.

Resminamalara laýyklykda, maliýe-bank toplumy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ulgamlaýyn seljermesini geçirer. Maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, sanly ulgamy we döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Agzalan iş meýilnamalary Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmaga, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatlary esasynda işleriň amala aşyrylmagyny guramaga, zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş üpjünçiligini, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, ulgama öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenilýär.

Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmak, «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek, türkmen mawy ýangyjyny, nebit önümlerini içerki we daşary ýurtly sarp edijilere ibermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelerdir. Oba hojalyk toplumynda ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek we olary önümçilige ornaşdyrmak, maldarçylygy, guşçulygy, atçylygy ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak wezipelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem azyk senagatyny ösdürmek, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek bilen baglanyşykly wezipeler göz öňünde tutulýar. Gurluşyk we senagat toplumynyň iş meýilnamalarynda medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalary gurmak, gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, energetika pudagyny, ulag infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler bellenilýär. Söwda toplumynda içerki bazarda haryt bolçulygyny we bahalaryň durnukly derejesini üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti, elektron söwdany ösdürmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak, hususy pudagy ösdürmek, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, halkara medeni hyzmatdaşlygy, syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport pudaklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalarynda kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw kitaplaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreler bar. Şeýle-de düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar, ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek boýunça wezipeler göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň iş meýilnamasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny berkitmäge, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmäge we utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysady guramalar, hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler kesgitlenilýär. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler barada nygtalýar.

Ulag-aragatnaşyk toplumynyň iş meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda ulanmaga berlen ulag infrastrukturasyny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, toplumyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwrebap demir ýol menzillerini, deňiz gämilerini, önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, teplowozlardyr wagonlary abatlamak ýaly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen meýilnamalary makullap, degişli ýolbaşçylara pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisi welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda karary kabul etdi. Resminama laýyklykda, saýlawlar 2026-njy ýylyň 29-njy martyna, ýekşenbe gününe bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş eden diplomatlar beýik akyldaryň döredijiliginiň Gündogar edebiýatynyň we dünýä medeniýetiniň taryhynda uly orun eýeleýändigini nygtadylar. Magtymgulynyň döredijiliginde Watana söýgi, adam mertebesine hormat, deňlik we adalatlylyk ýaly asylly häsiýetler açylyp görkezilýär. Hut şeýle taglymatlar özara düşünişmek, hormat goýmak köprüsi bolup, halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň Türkmenistanyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly üns berýändigine şaýatlyk edýändigini bellediler.

Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl gyşky dynç alyş möwsüminde we Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan günlerinde geçirilip, Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär. Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — «Joşgun» tans topary, «Galkynyş» çeper okaýyş topary, «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.

Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba we Garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyrýan çagalar dürli sahna çykyşlaryny görkezdiler. Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileriniň ýerine ýetiren aýdymlary ýaş nesilleriň şatlyk-şowhunyna beslenen dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýubileýi bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baý ykdysady mümkinçiliklerine, ylmyň gazananlaryna, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara, şeýle hem halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan oňyn döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar.