Ï Çig mal özbaşdaklygy, ýokary hil we eksport kuwwaty Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ösdürmegiň üç esasy ugrydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çig mal özbaşdaklygy, ýokary hil we eksport kuwwaty Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ösdürmegiň üç esasy ugrydyr

view-icon 191
Çig mal özbaşdaklygy, ýokary hil we eksport kuwwaty Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ösdürmegiň üç esasy ugrydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyk depginleri we giň gerimli lukmançylyk klasteriniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň dowam etdirilişi durdy.

Saparyň dowamynda gurluşyk işlerini çaltlandyrmaga bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries Ltd.» we «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery», Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.» we «Korea Meditech Co. Ltd.» kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda lukmançylyk senagat klasterini ösdürmäge aýratyn üns berildi, halkara güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy bolsa ähmiýetli waka boldy. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleri we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen başlangyç çig mallary ekologiýa taýdan arassalygyň hem-de ýerli çig malyň hiliniň tassyklanmagyna, şol sanda ISO halkara standartlaryna laýyklyk güwänamalaryna mynasyp boldy.

Gahryman Arkadagymyz mundan bir ýyl ozal klasteriň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde senagaty ösdürmegiň üç sany esasy ugruny kesgitledi.

Olar: çig mal özbaşdaklygy, ýagny diňe ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän öz tebigy çig malymyzyň ulanylmagy; ýokary hili, ýagny önümleriň dünýäniň iň ýokary standartlaryna laýyk gelmegi hem-de eksport kuwwaty, ýagny içki bazary doly üpjün edenden soňra, önümleriň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagydyr.

Gahryman Arkadagymyz sözüni jemläp, ýerli çig malyň esasynda ýola goýulýan önümçiligiň halkara standartlara laýyk gelmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny aýratyn nygtady.