Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda giň gerimli işleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Olar täze, 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, guwandyryjy önümçilik görkezijilerini gazanýarlar.

Şolaryň biri-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu öňdebaryjy kärhana ençeme ýyl bäri hereket edip, içerki sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Hojalyk jemgyýetiniň işçileridir hünärmenleri ummasyz gorlara daýanýan ýerli uglewodorod çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden birnäçe görnüşli önümleri öndürýärler.

Kärhanada köp möçberde öndürilýän plastmassalardan bolan ýükasty tekjeler toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleridir harytlary ýüklemekde we düşürmekde giňden peýdalanylýar. Olar harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagy üçin oňaýlydyr. Şeýle-de hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjelerine garanyňda önümçilik maksatlary üçin has-da ygtybarly bolup durýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygar astynda badalga alan täze, 2026-njy ýylda-da kärhanada sarp edijileriň yzygiderli ösýän isleglerine baglylykda, öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar. Şeýlelikde, kärhananyň zähmet topary önümçilik kuwwatyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda öndüriljek 240 müň plastmassa tekjesine derek onuň çykarylýan möçberini has-da ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Munuň özi, türkmenbaşyly telekeçilere şanly ýylymyzda giňden belleniljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramyny guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen garşylamaga mümkinçilik berer.