Ï Türkmenistan Aşgabat – Türkmenbaşy strategik demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga girişer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Aşgabat – Türkmenbaşy strategik demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga girişer

view-icon 85
Türkmenistan Aşgabat – Türkmenbaşy strategik demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga girişer

Paýtagtymyzy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirýän ýurdumyzyň polat ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işlerine garaşylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Ulag-logistika ulgamyny ösdürmek baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew çykyş etdi. Wise-premýer Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýolunyň milli ýollaryň «Lapis Lazuli», TRACECA, «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ýaly halkara ulag geçelgelerine utgaşmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Bu demir ýol ugrunyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini hem-de halkara ulag geçelgelerindäki ornyny ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz magistral ýoly toplumlaýyn durkuny täzelemek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.