Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) öňümizdäki hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri esasy meseleleriň biri boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bu giň gerimli çärä görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Hepdeligiň maksatnamasyna Ykdysady forum, iş toparlaryň mejlisleri we birnäçe duşuşyklar girizildi.
Gatnaşyjylar ykdysadyýet, energetika we suw serişdeleri ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmek, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi baradaky gün tertibi, ulag özara baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de BMG-niň standartlary esasynda sanly söwda-ykdysady geçelgeleri ösdürmek ýaly möhüm ugurlara ünsi jemlemegi meýilleşdirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup galýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.