Ï Bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümler öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümler öndürilýär

view-icon 105

camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen birlikde telekeçilik ulgamyny ösdürmäge-de aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy hem köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar.

Bu ugurda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň zähmet topary-da telekeçiligiň köpugurly pudagynyň gerimini giňeltmekde döwletimiz tarapyndan berilýän düýpli ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, saldamly hyzmatlary bitirýärler. Etrabyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän öňdebaryjy kärhananyň işçileridir hünärmenleri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, şeýle-de dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän islegli harytlary öndürmekde has-da tapawutlanýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetinde geçen 2025-nji ̶ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem oňat önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şeýle-de geçen döwürde kämil hil derejesindäki gurluşyk garyndy serişdeleriniň müňlerçe tonnasy, dürli binalaryň, ymaratlaryň içki gurluşynyň üçek asty hem-de diwar örtükleri üçin zerur bolan gips kartonynyň millionlarça inedördül metri öndürildi. Bu ýerde bäsleşige ukyply, ýokary hilli gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürmekde toplanylan tejribeler, ýola goýlan nusgalyk işler kärhananyň içerki, daşarky sarp edijileriň arasyndaky abraýyny has-da artdyrdy. Şunuň özem kärhanada işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar, kämil tilsimatlar esasynda awtomatlaşdyrylan usulda bökdençsiz ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.

Jemi 25 gektar meýdany tutýan hojalyk jemgyýetiniň ýyllyk kuwwaty diwarlary tekizläp, ýylmamak üçin zerurlyk edýän gurluşyk garyndy serişdeleriň 78 müň tonnasyna, gips kartonynyň hem 8 million inedördül metrine barabardyr. Önümçilikde gereklik edýän esasy çig mal serişdeleriniň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy sarp edilýän çykdajylary azaltmakda, wagty tygşytlamakda, işiň düşewüntliligini üpjün etmekde oňyn netijeler berýär.

Öňdebaryjy kärhananyň işçileridir hünärmenleri guwandyryjy gadamlar, şowly başlangyçlar bilen badalga alan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny-da ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. Şu günlerde bolsa «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän gurluşyk garyndy serişdelerine, gips kartonyna sarp edijileriň islegleri barha artýar.