Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady forum öz işine başlady. Bu çäre sebitiň planetanyň esasy ulag-energetika merkezi hökmündäki strategik ornuny has-da nygtaýar.
Forumyň çäklerinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň SPECA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygyny belledi. Üýtgeşik geografik ýerleşişi we baý tebigy serişdeleri netijesinde, gatnaşyjy ýurtlar giň gerimli düzümleýin taslamalara işjeň maýa goýumlaryny gönükdirip, sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy üpjün etmek üçin amatly şertleri döredýärler.

«Biziň sebitimiz dünýä ähmiýetli esasy energetika we ulag-üstaşyr merkezleriniň biridir. Durnukly ösüşiň bähbitlerine sebitiň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak örän möhümdir» diýip, ministriň orunbasary nygtady.
B.Ýalakowyň belleýşi ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde maksatnama üçin taryhy ýyl boldy. Esasy üns institusional ösüşe we söwda özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirildi. Statistiki maglumatlar saýlanyp alnan ugruň netijeliligini tassyklaýar. Hususan-da, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň möçberi 2,2 milliard ABŞ dollaryndan geçdi, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 15 göterim köpdür. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda SPECA döwletleriniň paýy bolsa 9,6 göterimden 11 göterimden gowraga çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň Ýewraziýa logistikasyny kemala getirmekde öňdebaryjy orny eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda Aşgabat Ylalaşygyna laýyklykda Eýran – Oman – Türkmenistan – Özbegistan geçelgesi hem-de «Lapis Lazuli» Ylalaşygynyň çäklerinde Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry esasy taslamalar bolmagynda galýar.
Bu ulgamda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm orun tutýandygy bellenildi. Portuň düzümleýin kuwwatlyklary Hazar we Gara deňizlerini birleşdirip, Ýewropa, Ýakyn Gündogar hem-de Aziýa –Ýuwaş umman sebitine çykyşy üpjün edýän ähmiýetli bölek hökmünde garalýar.
Forumyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň we innowasiýalary höweslendirmegiň sebit bazarlarynyň durnuklylygyny berkitmäge mümkinçilik berjekdigi barada biragyzdan bellenildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan SPECA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny goldap, mundan beýläk-de integrasiýa amallaryna işjeň ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.