Ï Daşoguz welaýatynyň ýüpekçiligi oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçiligi oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biridir

view-icon 89
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçiligi oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biridir

Pile öndürmek bilen bagly işleriň bahar paslynda gyzgalaňly bolýandygyna garamazdan, Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň häzirki günlerde hem bu babatda bitirmeli işleri az däl. Olar sebitde ýüpek gurçugynyň pilesini janlandyrýan sany ýetmişe golaýlaýan inkubatorlaryň netijeli işlemegini üpjün etmäge aýratyn üns berýärler. Sagdyn ýüpek gurçugynyň ýokary derejede çykarylmagy netijesinde alynýan ýüpegiň hiliniň ýokary bolmagy inkubatorlara edilýän idegiň dogry bolmagyna we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine baglydyr.

Häzirki wagtda ýüpek gurçugy üçin niýetlenen inkubatorlara ideg etmegiň çäklerinde binalary düýpli arassalamak we zyýansyzlandyrmak, olary degişli talaplara laýyk gelýän erginler bilen işläp bejermek çäreleri geçirilýär. Şeýle hem zerurlyga görä, bu ýerdäki ýelejirediş we amatly howa ýagdaýyny saklaýjy ulgamlaryň sazlaşykly işleýşi barlanylýar. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, gyş pasly öňde duran bahar işlerini meýilleşdirmek üçin hem möhüm döwürdir.

Ýüpekçiligiň oba hojalygynyň ösen pudaklarynyň biri bolup durýan bu welaýatynda her ýyl dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň ýüzlerçe tonnasy öndürilýär. Sebitiň ýüpekçileri pile öndürmekde toplanan baý tejribesini häzirki zaman ylmy maslahatlary bilen utgaşdyrýarlar.

Ýüpekçiligi üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hem baý iým binýadynyň bolmagydyr. Sebitdäki tut ekinzarlyklary birnäçe müň gektara barabar bolup, her ýyl olaryň üsti täze nahallaryň uly mukdary bilen doldurylýar. Gyşyna tut agaçlary aýratyn idege mätäç bolmasa-da, bu ýerde agaçlaryň töwereginiň arassa saklanylmagyna we olaryň kökleriniň aýazdan zyýan çekmezligine yzygiderli gözegçilik edilýär.