Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

view-icon 824

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar.

2026-njy ýyl Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýar. Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň wysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris.

Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!

Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy, belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ol merdana ýurt goragçylarymyzyň Watanymyzy goramakda öz eginlerine düşýän belent jogapkärçilige ygrarlydyklaryny görkezýär.

Merdana Watan goragçylary!

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy. Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Watanymyzyň wepaly ogullary!

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän milli Ýaragly Güýçlerimiz taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenen köp sanly gulluk, ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.

Hormatly Watan gerçekleri!

Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.