Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 430

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, buýan köküniň ergini, bugdaý uny, nah ýüplük, ýorgan-düşek daşlyklary, jins we dokma önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 85 million 690 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, nah ýüplügi, pagta ýagynyň çökündisini, çig ýag turşulygyny, plastik ýük tekçelerini satyn aldylar.