Ï Daşoguz welaýaty bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýaty bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýär

view-icon 265

Şu ýyl güýzlük bugdaýyň hemme ýerde birmeňzeş gögeriş bermegi Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynda gowy netijeleriň alynjakdygyna ynam döredýär. Häzirki wagtda olar ekinlere ideg etmegiň çäklerinde zerur bolan agrotehniki çäreleri amala aşyrýarlar. Ýylyň-ýylyna bugdaýyň ýokary hasylly «Alekseýewiç» we «Bezostaýa-100» ýaly görnüşleri ekin meýdanlarynda barha uly orun alýar. Bu görnüşler soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýerli toprak-howa şertlerinde özüniň gowy taraplaryny görkezdi.

Köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylmazdan ozal, bugdaýyň bu görnüşleri tejribe meýdançalarynda deslapky synagdan geçirilip, ähli esasy görkezijiler boýunça ýokary netijeleri berdi. Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, bu görnüşler ýatmaga we köküniň köp durup zaýalanmaga, dürli kesellere hem-de durnuksyz howa şertlerine durnuklylygy bilen tapawutlanýar, şeýle hem olaryň hasyllylygy we ununyň hili örän ýokarydyr. Sebitde güýzlük bugdaýyň esasy öndürijisi bolup, galla meýdanlary otuz müň gektar meýdany tutýan S.Türkmenbaşy etraby däp boýunça öňe saýlanýar. Şeýle hem Akdepe, Köneürgenç we Şabat etraplary iri galla öndürijileriň hataryndadyr.

Gymmatly ekini üstünlikli ýetişdirip gelýän sebitde ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalarynyň uly parky we ýygnalan hasyly wagtynda daşamak üçin köp sanly ulag serişdeleri bar. Mundan başga-da, welaýatda ýokary öndürijilikli un üweýän toplumlaryň üçüsi, däne saklanýan elewatorlaryň ýedisi gurlup ulanmaga berildi. Olaryň esasy bölegi birwagtda 50 müň tonna çenli dänäni kabul etmäge, saklamaga we arassalamaga ukyply bolup, ýerli galla öndürijileri ýeterlik mukdardaky tohumlyk serişdeleri bilen üpjün etmäge niýetlenendir.