Ï Aşgabat dokma toplumynyň täze önümlerinde adaty türkmen öwüşgini
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat dokma toplumynyň täze önümlerinde adaty türkmen öwüşgini

view-icon 158
Aşgabat dokma toplumynyň täze önümlerinde adaty türkmen öwüşgini
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Häzirki zaman dokma senagaty diňe bir tehnologiýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa taýdan arassalygyň, ulanmaga amatlylygyň we özboluşly gurluş aýratynlygynyň filosofiýasydyr. Dünýä önümçilik meýilleriniň merkezinde durnukly ösüş we tebigy serişdeler: pagta, keteni we ýüň ulanylmagy berk orun aldy. Türkmen dokma önümleri bu meýle gabat gelýär, milli nagyşlar we ata-babalaryň däp-dessurlaryna ygrarlylyk bilen onuň üstüni ýetirýär.

Aşgabat dokma toplumynyň (ADT) önümleri milli estetikanyň hakyky hazynasydyr. Kärhananyň hususy dükanlarynda ajaýyp elgoşlaryndan başlap, sowgat gutularyna ýerleşdirilen eksporta laýyk gelýän saýlama düşek örtüklerine çenli her bir islege laýyk gelýän önümleri tapmak bolýar. Bu dokma önümleri içerini ajaýyp suratda bezeýär we öýi aýratyn ýylylyk bilen doldurýar.

Şu ýyl türkmen bedewi şekilinde dokalan oýunjak bazar baglan önüme öwrüldi. Kindiwanja torbaly gyzykly atlar sowgatlary ýa-da gündogar süýjüliklerini gaplamak üçin özboluşly çözgütdir. Şeýle hem çaga babatynda täze doglan bäbekler üçin ýörite toplumlar – ekologiýa taýdan arassa pagtadan tikilen hammam halatly toplumlar bar.

Milli häsiýetli rahatlyga gymmat goýýanlar üçin toplum eždatlaryň ruhy siňen önümleri hödürleýär. Bollugyň we myhmansöýerligiň nyşany türkmeniň saçagydyr. Ol gadymyýetden bäri çörek saklamak üçin ulanylypdyr, bu gün bolsa ajaýyp gap-gaç toplumlary, şol sanda stol örtükleri, öňlükler we çäýnek üçin daşlyklar görnüşinde hödürlenýär.

Milli nagyşly halylar we düşek örtükleri türkmen halkynyň asyrlardan gaýdýan mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyk döredip, aýratyn bir öwüşgin berýär.

Häzirki zaman modasy öz düzgünlerini ýöredýär, bu ýerde elgoşlar özboluşly keşbiň açarydyr. ADT-niň «Goza» dükanynda alyjylara ekologiýa taýdan arassa dykyz matadan tikilen çeper keşdeli we ýönekeý kiçi smartfon sumkalary hödürlenýär. Bu önümleriň iň esasy bölegi häzirki zaman önümini şahsy türkmen tumaryna öwürýän adaty alajadyr.

Işjeň ýaşlaryň islegi-de göz öňünde tutulypdyr. Bu möwsümde täzelikler futbol janköýerleri üçin hammam toplumlarydyr. AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýnunyň öňüsyrasynda ýaşyl we gök reňklerde taýýarlanan «Arkadag» FK ýazgyly toplumlar, şeýle hem 7-nji belginiň rowaýaty eýesiniň hormatyna döredilen parlak «Ronaldo» tapgyry has meşhurdyr.

2007-nji ýylda açylan «Aşgabat dokma toplumy» Merkezi Aziýadaky iň uly toplumdyr. Nemes, italýan we ýapon enjamlary bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly bu desga iň berk halkara ISO we OEKOTEX standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürýär. Önümlerini ABŞ-a, Ýewropa, Türkiýä we GDA ýurtlaryna eksport edýän kompaniýa öz esasy ýörelgesine: ekologiýa taýdan arassalyga ygrarly bolmagynda galýar.

Alyjylara amatly bolmagy üçin salgysynda ADT-niň onlaýn dükany işleýär, bu ýerde müşderiler öz saýlan önümlerini Aşgabat şäheri boýunça ähli ýere eltip bermek şerti bilen sargyt edip bilerler.