Ï 2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 88

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçiren köp sanly çärelerinde öz beýanyny tapdy. Şol duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn işewürlik gepleşikleridir forumlar Watanymyzyň halkara derejede barha artýan abraýynyň güwäsidir.

7-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen geçirilen duşuşygyň esasy özenini düzdi.

8-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” jemlerini jemlediler we 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak, şeýle hem FAO bilen bilelikde geçiriljek maslahata, ýaş diplomatlar üçin okuwlara, beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek meselelerine seretdiler.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we geljekde guraljak duşuşyklaryň, saparlaryň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2025-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda bellenen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak, ýokary hünär bilimi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçirilen duşuşykda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler maslahatlaşyldy.

16 — 25-nji ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Şeýle hem taraplar BMG, ÝB, ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, sebit we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler.

Geňeşmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Suý Dunýuý bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bilelikdäki maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu düzüm bilen amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda FAO-nyň ýurdumyzdaky wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Daşary işler ministrliginde Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iri halkara guramalaryň, olaryň düzüm birlikleriniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

21-22-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçirildi. Onuň esasy maksady Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmakdan ybarat boldy. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Çäreleriň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, üstaşyr ulag baglanyşygy, sebit integrasiýasy babatda bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre — GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy ulgamda döwletimiziň tagallalarynyň sebitleýin howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, bitaraplyk babatda başlangyçlary ilerletmäge, GDA-nyň parahatçylykly dialog, özara düşünişmek üçin meýdança hökmündäki ornuny berkitmek ugrunda diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdiriljekdigi nygtaldy.

Türkmenistan öz başlyklygyny ykdysady, ulag, energetika, bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli başlangyçlaryny ilerletmek üçin ulanmagy maksat edinýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy çelgi bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistan ekologiýa meselelerine, durnukly ösüşe, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, Hazar sebitiniň biodürlüligini goramak babatdaky hyzmatdaşlyga uly üns berer.

23-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

24-nji ýanwarda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Daggan bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalar beýan edildi.

28-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm başlyklarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar dürli ugurlar boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen geçirilen duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrliginde türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi nygtaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, şeýle-de «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynda döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine üns çekildi. Geňeşmeleriň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigi bellenildi. Şunda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň tutýan aýratyn orny nygtaldy.

Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, oba hojalygynyň durnukly ösüşini gazanmakda, sebitde durmuş-ykdysady durnuklylygy berkitmekde strategik ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw serişdelerine gözegçilik etmek we hasaba almak mehanizmlerini kämilleşdirmek, hünärmenleriň mümkinçiliklerini has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň durnukly suw üpjünçiligine ýetirýän töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, geçen aýyň dürli wakalara baý bolan senenamasy gyzyklanma bildirýän döwletler bilen türkmen halkynyň hem-de bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barylýan yzygiderli işleriniň aýdyň mysaly boldy.