Daşoguzda şäher çäkleri abadanlaşdyrmaga, amatly we estetiki taýdan gelşikli gurşawy döretmäge gönükdirilen inženerçilik, gurluşyk we landşaft işleri işjeň alnyp barylýar.
Jemgyýetçilik ýerleriniň binagärlik keşbini gowulandyrmak boýunça şeýle işler milli şädessanymyzyň gahrymanynyň adyny göterýän köçede, Göroglynyň ýadygärliginiň aňyrsyndaky çäkde hem amala aşyrylýar. Bu ýerde täze betonlanan ýodalar çekildi, olar ýadygärligiň binagärlik toplumy we öňden bar bolan bagy bilen utgaşyp, bitewi abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagyny emele getirýär. Goşmaça bag ekmek we abadanlaşdyryş işlerinden soňra, bu künjek şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwnünden turjak, gezelenç etmek we surata düşmek üçin meşhur künjekleriň birine öwrüljek ýer bolar.
Soňky ýyllarda welaýat merkezinde umumy peýdalanylýan ýerleriň daşky görnüşini gowulandyrmaga, şeýle hem adamlaryň oňaýly dynç almagyny we ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda bag ekmek, dürli yşyklandyryş ulgamlaryny we mahabat-maglumat monitorlaryny gurnamak, pyýada ýodalaryny, çagalar we sport meýdançalaryny abadanlaşdyrmak işleri bar.
Şäher çäkleriniň yzygiderli arassaçylygyny we abadanlaşdyrylmagyny saklamakda welaýata ýakynda gelen ýokary öndürijilikli täze jemagat tehnikalarynyň tapgyry hem uly ýardam bolar. Olaryň düzüminde awtomobil ýollaryny süpürmek we ýuwmak üçin niýetlenen, ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan utgaşdyrylan ýol maşynlary, lagym we suw ulgamlaryna hyzmat edýän ýöriteleşdirilen awtoulaglar, galyndylary daşamak we düşürmek üçin niýetlenen konteýner görnüşli zir-zibil daşaýan maşynlar bar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, täze tehnikalar funksionallygy we ýerli howa şertlerinde ulanmaga ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ölçegleri we çalasynlygy şäher çäklerini arassalamakda, dürli kommunikasiýa ulgamlaryna hyzmat etmekde awtoulaglary netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.